Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa öten agşam Ukraina 700-den gowrak dron we raketa bilen hüjüm etdi


Russiýanyň Ukraina uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Ukraina uran zarbalarynyň netijeleri

Ukrainanyň Harby howa güýçleri 9-njy iýula geçilen gije Russiýanyň 2022-nji ýylda başlanan uruşdan bäri amala aşyran iň giň gerimli howa hüjümini tesdirendigini aýtdy.

Maglumata görä, Ukrainanyň territoriýasyna 741 sany howa hüjüm serişdesi atylypdyr. Şolaryň 718-siniň Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş ulgamlary arkaly ýok edilendigi aýdylýar. Russiýanyň atan serişdeleriniň aglaba bölegi hüjüm dronlary bolup, olaryň arasynda “Kinjal” kysymly raketalar hem bar.

Hüjümler birnäçe ukrain oblastyna täsir ýetirdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski zarbalardan soňky ýagdaýy görkezýän suratlary çap etdi we Russiýa garşy basyşy, şol sanda sanksiýalary güýçlendirmegi ýene-de bir gezek talap etdi.

XS
SM
MD
LG