ABŞ-nyň Tehas ştatynda güýçli suw joşmalarynyň netijesinde ýogalanlaryň sany 82 adama ýetdi, olaryň arasynda 28 çaga hem bar diýip, CNN telekanaly maglumat berýär. Mundan başga-da, onlarça adamyň henizem ýitirim bolandygy hasaplanýar.
4-nji iýula geçilen gije güýçli ýagyşlar Tehasdaky Guwadalupe derýasynda dessine suw joşmasyny döretdi. Maglumata görä, suwuň derejesi bary-ýogy 45 minutda 8 metre galdy. Ýitirim bolandygyny hasaplanýanlaryň arasynda, derýanyň kenaryndaky tomusky lagerde bolan çagalar hem bar.
Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, gözleg-halas ediş işleri döwründe 850 adam halas edilip, howpsuz ýere ýerleşdirildi. Bu çäreler dowam etdirilýär.
ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp ejir çekenlere federal kömek beriljekdigini aýtdy. Tehasyň gubernatory Greg Ebbott sebitde adatdan daşary ýagdaýyň girizilýändigini yglan edip, ştatyň halas ediş çäreleri üçin serişdeleriniň “çäksiz” boljakdygyny aýtdy.