Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti ýene-de tussag edildi


Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok Ýol
Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok Ýol

Günorta Koreýanyň öňki prezidenti Ýun Sok Ýol ýene-de tussag edildi. Bu baradaky order 9-njy iýulda çykaryldy diýip, Reuters habar berýär.

2024-nji ýylyň dekabrynda Ýun Sok Ýol Günorta Koreýada harby ýagdaý girizmäge synanyşypdy. Emma parlament ony gozgalaň synanyşygynda aýyplap, oňa impiçment yglan edipdi.

Reuters agentliginiň ýazmagyna görä, prokuratura Ýunyň Phenýanyň garşylykly çäre görmegine getirmek üçin, Demirgazyk Koreýa tarap harby dronlaryň ugradylmagyna buýruk berendigine şaýatlyk edýän subutnamalary tapdy. Bu çäre arkaly Ýun ýurtda harby ýagdaýyň girizilmegini esaslandyrmaga synanyşypdyr.

Ýun Sok Ýol ilkinji gezek şu ýylyň ýanwarynda tussag edilipdi. Iki aý geçenden soňra ol azatlyga goýberildi, emma onuň bilen baglanyşykly kazyýet işi dowam etdirildi. Oňa bildirilýän aýyplamalar esasynda ol ömürlik tussaglyga ýa-da ölüm jezasyna höküm edilip bilner.

Şu ýylyň iýunynda Günorta Koreýada irki prezident saýlawlary geçirildi. Olaryň netijesinde oppozision Demokratik partiýanyň kandidaty Li Je Mýon ýeňiji boldy.

XS
SM
MD
LG