Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan ukrain telekanalynyň we rus resmisiniň ýurduň ýapyklygyny agzamagyna protest bildirdi


Internet kafe. Aşgabat
Internet kafe. Aşgabat

Türkmen DIM-i ýurtda internetiň çäkliligi barada ukrain telekanalynda agzalan habara protest bildirdi. Bu aralykda Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Russiýanyň Söwda wekili Andreý Hripunowyň Türkmenistanyň ýapyk ýurtdygy baradaky sözlerini ret etdi. Türkmenistan tarapyndan ýurduň ýapyklygy baradaky çykyşlara iki gezek bildiren resmi reaksiýasy bir hepdäniň dowamynda boldy.

DIM-niň habar serişdeleri üçin 8-nji iýulda çap eden beýanatynda Ukrainanyň metbugatynda Türkmenistan barada berlen habara nägilelik bildirildi.

"Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň «FREEДОМ» teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär" diýlip, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň beýanatynda aýdyldy.

"Bu aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çünki häzirki zaman Türkmenistan barada hiç hili düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan gelip görmedik, şeýle hem ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, kärdeşleri bilen hiç hili gatnaşyklary saklamaýan ýokarda agzalan teleýaýlymyň wekilleriniň beýle maglumatlary ýaýratmaga näme hukugy bar" diýlip, resmi habarda aýdylýar.

Daşary işler ministrligi sişenbe günki beýanatynda "Türkmenistan Ukrainanyň 'FREEDOM' telekanalynyň internet elýeterliligi baradaky dezinformasiýany aýgytly ýazgarýar we obýektiwlige çagyrýar" diýilýär.

Munuň öňüsyrasynda türkmen resmisi Türkmenistanyň ýapyklygy barada Russiýanyň resmisi tarapyndan edilen çykyşa reaksiýa bildirdi.

Rus resmisiniň çykyşy

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew Russiýanyň Söwda wekili Andreý Hripunowyň Türkmenistanyň ýapyk ýurtdygy baradaky sözlerini ret etdi. Türkmen diplomaty Türkmenistan "diňe erbet adamlar üçin" ýapyk diýip, 3-nji iýulda Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda söwda wekilleriniň geçiren hepdeliginde aýtdy.

Duşuşykda Russiýa Federasiýasynyň söwda wekilleri Gyrgyzystanda, Täjigistanda, Türkmenistanda we Mýanmada işlemegiň aýratynlyklary barada habar berdiler.

Turkmen.news neşiri Russiýanyň bu ýurtdaky söwda wekili Andreý Hripunowyň esasan Türkmenistanyň syýasy we medeni aýratynlyklary barada gürländigini belledi. "Musulman ýurt, ýapyk, ýöne muňa garamazdan alkogol şeýle mukdarda satylýar, muny hatda Moskwanyň dükanlarynda-da görmedim" - diýip, neşir Hripunowy sitirledi.

Şeýle-de maglumatda rus söwda wekiliniň, demografiki maglumatlary berip, ýurtda 4 million adamyň ýaşaýandygyny, resmi statistiki maglumatlary almagyň gaty kyndygyny aýdypdyr. Mundan başga-da, Hripunow internetdäki kynçylyklar: köpçülige açyk Wi-Fiyň ýokdugyny, internete baglanmakdaky býurokratik päsgelçilikler we VPN hyzmatlarynyň ygtybarsyzlygy barada jikme-jik gürrüň beripdir.

Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýewyň Hripunowyň çykyşyna bildiren reaksiýasynda: "Men düýbünden ylalaşmaýaryn. Ilatdan başlap, öz delillerim bar. Bu köne maglumatlar, indi ol ýerde 7 million adam bar"- diýip, ilat sanyna degişli resmi maglumata salgylanypdyr.

Şeýle-de, turkmen.newsyň maglumatynda bellenişine görä, Garaýewiň çykyşy wagtynda Türkmenistan bilen giň hyzmatdaşlyk alyp barýan Tatarstanyň arasyndaky söwda üçin amatly we amatsyz şertler barada wideo maglumatlar görkezilipdir. Hususan-da, problemalaryň arasynda transport infrastrikturasynyň çäklidigi, ilatyň töleg ukybynyň pesdigi, býurokratiýa, wiza režimi, walýuta gözegçiligi we manadyň goşa kursy barada habar berlipdir.

Turkmen.news neşiriniň redaktory Ruslan Matiýew türkmen konsulynyň Türkmenistanda işleýän rus söwda resmisiniň aýdanlaryna reaksiýanyň formal bolandygyny belläp, gozgalan agyr problemalary boýunça degerli delil getirilmändigine ünsi çekdi.

"Türkmen konsuly rus resmisiniň çykyşyna jogap bermäge borçly boldy. Ol muny özi hem aýtdy. Türkmen resmileri hakykaty halamaýarlar we olar muny dürli ýerlerde eşitmeli bolýarlar, emma olarda muny ret etmekden başda çäresi ýok. Şeýle-de bolsa Garaýew 'wiza alyň-da arkaýyn geliberiň' diýmek bilen oňdy. Ýöne munuň özi ýurduň ýapykdygyny subut edýär, sebäbi wiza ýurda barmagyň öňüne goşmaça böwet salýar, biznesiň ýurda barmagyna we işlemegine goşmaça päsgelçilik döredýär" diýip, Matiýew belledi.

Şeýle-de, Matiýew Tükmenistanyň Daşary işler minsitrliginiň beýanatynda Ukrainanyň telekanalynyň habarynda Türkmenistan barada berlen habaryň galpdygy aýdylyp, žurnalistleriň Türkmenistandaky ýagdaýdan habarsyz bolmakda aýyplanmagynyň türkmen häkimiýetleri bildirilýän reaksiýasyndaky gapma-garşylyga ünsi çekdi.

"Aşgabatda işleýän [rus söwda wekili] ýurt içindäki adamlar, türkmen biznes wekilleri we resmileri bilen yzygiderli duşuşýar we ýurtdaky ýagdaýa obýektiw baha berýär. Emma ikinji beýanatda türkmen DIM-i ukrain mediasynyň Türkmenistanda bolmanlygyny aýdyp, ýagdaýy bilmezlikde aýyplaýar. Emma şol bir wagtda Türkmenistanyň içinde işleýän rus söwda wekiliniň aýdanlaryna hem garşy çykýar. Bir birine ters gelýär" diýip Matiýew Azatlyga beren interwýusynda aýtdy.

Bellemeli ýeri, DIM-niň berk tankydyna eýe bolan ukrain TW-niň maglumatynda Türmenistandaky internet problemasy diňe gytaklaýyn agzalýar, ýagny Russiýadaky internet elýeterliliginiň gitdigiçe ýaramazlaşyp, Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň derejesine ýakynlaşyp biljekdigi aýdyldy.

Daşary işler ministrligi ukrain telekanalynda berlen bu maglumaty galp atlandyryp, Türkmenistan barada nädogry maglumat berýändigi aýdýarka, ýurtda internet berk petiklenýär.

Ýurtda YouTube, Facebook, Instagram ýaly meşhur sosial ulgamlar VPN-siz açylmaýar, IMO-dan başga messenjere göni girip bolmaýar. Internet saýtlaryň ençemesi, şol sanda daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň sahypalary açylmaýar. VPN hyzmatlaryny üpjün edýän ussalar we blokdan geçmek üçin bu hyzmatdan peýdalanýan raýatlar yzarlanýar.

Döwlet erdara kärhanalarynyň işgärleriniň we bilim edaralarynyň okuwçylarynyň mobil telefonlary barlanýar, olardan garaşsyz habar serişdeleriniň, şol sanda Azatlyk Radiosynyň sahypalaryna girmezlik we sosila ulgamlary ulanmazlyk hakynda dilhaty alynýar. Howpsuzlyk gulluklary raýatlaryň maglumat elýeterliligini çäklendirmek üçin olary gorkuzmak we hatda 'Gurhandan" kasam etdirmek ýaly çäreleri ulandy.

Şu ýylyň fewralynda VPN ulanyp, Instagram, YouTube we TikTok ýaly sosial ulgamlarda mahabat ýerleşdirýän telekeçiler, dükan eýeleri Milli howpsuzlyk ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan soraga çekildi.

Sosial ulgamlarda ynsanperwer kömegini soraýan raýatlar yzarlandy. Häkimiýetler ýerli bloggerleri Internetde Türkmenistanyň ‘ajaýyp keşbini’ şöhlelendirmek bilen borçlandyrdy.

Şeýle-de, Türkmenistan dünýäde iň haýal we gymmat internetli ýurt hasaplanýar.

Media azatlygyna gözegçilik edýän “Serhetsiz reportýorlar” guramasy 2016-njy ýylda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy “internetiň ganym duşmany” diýip, atlandyrdy we Türkmenistanyň dünýäniň iň totalitar režimleriniň biri bolup, döwletiň mediany doly gözegçilginde saklap, resmi propaganda ters gelýän maglumatlara berk garşy çykýandygyny belledi.

Türkmenistan 2023-nji ýylda Google gözlegi akaly VPN gözlemekde 100 bal alyp, dünýä ýurtlarynyň arasynda öňe saýlandy. Bu barada Techopedia neşiri habar berýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG