Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moskwanyň etegindäki Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Russiýadan deportasiýa edildi


Elşan Ibragimow
Elşan Ibragimow

Moskwanyň etegindäki sebitleriň Azerbaýjan diasporasynyň ýolbaşçysy Elşan Ibragimow Russiýadan Azerbaýjana deportasiýa edildi. 4-nji iýulda ol Russiýa raýatlygyndan mahrum edilipdi.

RBK-nyň habar bermegine görä, Ibragimow Bakuwa gitdi.

Ol Russiýada takmynan 30 ýyl ýaşady we 2018-nji ýyldan bäri Moskwa oblastyndaky Azerbaýjan diasporasyna ýolbaşçylyk edýärdi.

RBK-nyň çeşmeleriniň habar bermegine görä, Ibragimowyň raýatlykdan mahrum edilmeginiň resmi sebäbi “Russiýa Federasiýasynyň milli howpsuzlygyna abanýan howpy döredýän hereketleri” bolupdyr. Ibragimow bu ýagdaýyň sebäplerini aýtmakdan ýüz öwürdi, ýöne Azerbaýjana dolanyp barandan birnäçe günden soň, ýagdaýy aýdyňlaşdyrjakdygyny belledi.

Ibragimowyň Russiýadan deportasiýa edilmegi Moskwa bilen Bakuwyň arasyndaky gatnaşyklaryň ýiti dartgynlaşan döwrüne gabat geldi. 27-nji iýunda Ýekaterinburgda Azerbaýjanda doglan we Russiýanyň raýatlygyny alan onlarça adam 2001–2011-nji ýyllarda edilen jenaýatlar bilen baglylykda saklandy. Olaryň ikisi heläk boldy, jesetleri Azerbaýjana ugradyldy. Azerbaýjanyň Baş prokuraturasynyň maglumatyna görä, olar saklanan wagty urlup-ýenjilmeleriň netijesinde heläk bolupdyr; Moskwa bolsa olaryň ýürek keselinden ölendigini öňe sürýär.

Ýekaterinburgdaky bu wakalaryň yzýany Bakuwda Russiýanyň 20-ä golaý raýaty, şol sanda Kreml tarapdar “Sputnik Azerbaýjan” habar agentliginiň žurnalistleri tussag edildi. Bu agentligiň ygtyýarnamasy fewral aýynda ýatyrylypdy.

XS
SM
MD
LG