Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýa Kiýewe zarba urdy: heläk bolanlar we ýaralananlar bar


Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri. 10-njy iýul
Russiýanyň Kiýewe uran zarbalarynyň netijeleri. 10-njy iýul

Russiýa 10-njy iýula geçilen gije Ukrainanyň paýtagty Kiýewe we Kiýew oblastyna dronlar we raketalar bilen ýene hüjüm etdi.

Kiýew häkimligi iki adamyň heläk bolandygyny habar berdi. Şäheriň häkimi Witaliý Kliçkonyň sözlerine görä, azyndan 16 adam ýaralandy.

Kiýewde we onuň töwereginde howa duýduryş signallary 10 sagat dowam etdi.

XS
SM
MD
LG