Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan

Türkmen gyzlary. Bezeg suraty
Türkmen gyzlary. Bezeg suraty

Türkmenistanda oglanlaryň, ýaş ýigitleriň ýetmezçiligi indi ençeme ýyl bäri ýitileşýär, gyz-gelinler dowamly erkek ýetmezçiliginden alada galýar diýip, Azatlygyň habarçysy habar berýär. Anonimlik şertinde gürleşen birnäçe gyzyň tassyklamagyna görä, bu ýagdaý gyzlaryň käbiriniň janyna kast etmegine hem sebäp bolýar.

Ýigitleriň sanynyň kemelmegi gyzlaryň durmuş gurmakda, maşgala bolmakda uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolmagyna alyp gelýär. Ýurtdaky maglumat ýapyklygy, berk döwlet senzurasy bu ugurdaky sanlaryň aýan edilmegine ýol bermeýär.

“Häzirki wagtda durmuşa çykmak üçin uly kynçylyklary başdan geçirýäris. Oglanlar öňem azdy, ýagny biz orta mekdepde okamyzda haýsy synpa seretsek, 30 okuwçy bolsa, şonuň 7-8 sanysy oglan bolup, galany gyzlardan ybaratdy. Oglanlar orta mekdebi tamamlap, ilki harby gulluga gidýärler we gelip, köpüsi daşary ýurtlara okamaga ýa iş gözlemäge gidýär” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran gyz aýtdy.

Azatlygyň aýry-aýrylykda söhbetdeş bolan gyzlary häzir toý bolsa, bezenip çykyp, süýji-süýji arzuwlara çümýändiklerini gürrüň berdiler.


“Häzir boýdaşlarymyzyň arasynda biri durmuşa çyksa, biz öňünden onuň öýüne ýygnanyşyp, bize-de Alla ýetirsin diýip dileg edýäris. Boýdaşlarymyzyň arasynda gonamçylyklara zyýarat edip, ýigit tapaýyn, durmuşa çykaýyn, bagtym açylsyn diýip dileg edýänleri hem bar” diýip, söhbetdeşimiz aýtdy.

Ýigit ýetmezçiliginiň üstesine deňsizlik hem 'urna' bolýar

Onuň sözlerine görä, ýigit ýetmezçiliginiň üstesine, ýurtda ulalýan deňsizlik, goly ýuka maşgalalar bilen gurply diýilýän maşgalalaryň arasyndaky tapawut hem ulugyzlar üçin uly meselä öwrülýär.

“Häzir gurply maşgalada doglan bolsaň, gözüň çaşy... bolsa-da gudaçylyga gelýärler. Oglanlar baýlyk üçin gudaçylyk gurýar. Käbir gurply hojalyklar gyz diňe özleri ýaly gurply hojalykdan bolanda garyndaşlyk açýarlar. Häzir biz ýaly iýjegini, geýjegini zordan tapýan adamlaryň çagalary bolup doglan bolsa kyn. Gününi aýlap bilmeýän hojalyklaryň çagalary barada gürrüňem etmäýin” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi kemsinip, boýny buruk halda ýaşaýan çagalaryň hem az däldigini aýtdy.

Öňler tire-taýpa yzarlanyp, ýigit beýleki taýpadan bolsa, gyz berilmezdi, ýagny ‘biz sopular, diňe sopular bilen garyndaşlyk açjak’ diýip, gyzlary halaşyp, göwünjeň bolsa-da, aňsat bermezdiler, häzir tire-taýpasyna seretmegem galdy diýip, bir gyz indi diňe daşary ýurtla durmuşa çykjak diýseň, kän halamaýandyklaryny aýtdy.

Daşary ýurtla durmuşa çykjak diýseň...

“Biz daşary döwletlere durmuşa çykjak diýsek, ‘näme, durmuşa çykmaga türkmen tapmadyňmy?’ diýýärler. Hawa, tapmadym, tap birini, menem il deňinde durmuşa çykjak diýseň, ýene özüňi günäkärläp, ‘sen dürs, düzüw gezen bolsaň, aýagyňy gyşyk basmadyk bolsaň, saňa-da gudaçylyga gelerdiler’ diýýärler. Men öýdenem çykamok, oglanyň elindenem tutup göremok diýip, öz päkligiňi subut etmekçi bolsaň, ‘siz ýaly ýere bakandan ýer gorkar’ diýip, ýene biz günäkärlenýäris” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.

Azatlyk soňky döwürde daşary ýurtlulara, şol sanda türkiýeli erkeklere durmuşa çykan onlarça türkmenistanly aýalyň çekýän kynçylyklary barada habar berdi.

Eger-de gyz bir oglan bilen halaşyp, soňra ol oglan başga birine öýlense, onda ‘aý, o gyz öňem planyň ogly bilen söýşen’ diýýärler, şeýdip bir gyzyň ady zaýalanýar, bu ýagdaýa düşen gyzlaryň arasynda soň öz janyna kast edýänleri hem bolýar diýip, gyzlar Azatlygyň habarçysyna aýtdy.


Emma ýapyk jemgyýetde bu ýagdaýlaryň sebäpleri barada açyk gürrüň edilmeýär, mollalar ‘ol gyzyň yzyna gara düşdi’ diýip, öwrenmeli, derňelmeli meseläni düşündirişsiz ýapmaga kömek edýärler, netijede kyn ýagdaýa düşen ýaş adamlar öz öňündäki agyr durmuş synaglary bilen ýeke goýulýar diýip, synçylar aýdýar.

Gyzyň ýagdaýyna düşünmän, oňa basyş edýän, ‘senem beýdip oturma, çyk-da git’ diýip, gyzyna her gün azar berýän ene-atalar hem bar diýip, bir gyz aýtdy.

Bu hili basyşlar gyzlaryň öň öýlenen oglan bolsa-da, ikinji aýal bolup barmaga hem kaýyl bolmagyna getirýär.

Öňler oglan öýlenip, aýrylyşan bolsa, özi ýaly adamsy ýogalan, ýa-da aýrylyşan gelin alardy, häzir ýaş gyzlar oglanyň ýaşy özüniňkiden has uly hem bolsa, durmuşa çykmaga razy bolýarlar. Öýlenip, çagalaryny taşlap daşary ýurtlara işlemäge giden adamlar aýallaryny hem ýanlaryna çekmäge synanyşýar, diňe ýaş gyzlar däl, eýsem gelinler, ýaşy bir çene baran aýallar hem, ‘bizem dul galdyk’ diýip, daşary ýurtlara, ýanýoldaşlarynyň ýanyna gitmekçi bolýar, emma döwlet olaryň öňünde emeli päsgelçilik döredýär diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri häkimiýetleriň çagalary ene-atalaryna garşy gural hökmünde ulanýandyklaryny, ýagny olary uçar menzilinden goýbermeýändiklerini gürrüň berdiler.

Çagalar ene-atalara garşy guralmy?

“Migrasiýa işgärleri gitjek adamlaryň çagalaryny ýurtdan çykarman, aeroportda alyp galýar. Munuň sebäbi, eger-de bir maşgalany tutuşlygyna çykarsaň, onda daşary ýurtlara giden adamlara dil çykar, biziň aýyplarymyzy arkaýyn açarlar, eger maşgaladan birini alyp galsak, ony alada eder-de, hiç zat gürlemez we her aý ýurdumyza ABŞ dollaryny ugradar” diýip, anonimlik şertinde gürleşen howpsuzlyk işgäri migrantlaryň çagalarynyň ‘zamun’ ýaly alnyp galynmagynyň sebäbini düşündirdi.

Sebitdäki beýleki ýurtlaryň migrant erkekleri ýylda birnäçe gezek öýlerine gelip-gitse ýa arkaýyn çagalaryny ýanlaryna ýygnap bilse, türkmenistanlylar köplenç yzlaryna onlarça ýyllap dolanmaýar, bu ýadaýyň sebäbi Aşgabatdaky hökümetiň raýatlaryň hereket azatlygy hukuklaryny ýowuz çäklendirmegi we agyr korrupsiýa bilen düşündirilýär.

Azatlyk bilen gürleşen ýaşaýjy tanyşlarynyň ‘yzyňa haçan geljek?’ diýlen soraga ‘hiç haçan’ diýip jogap berýändiklerini, ‘özüňiz ýurtdan çykmagy arzuw edip, zagran pasportlaryňyza mollalara dem saldyrýarsyňyz, haçan görseň bergide, ýurtdan çykmak üçin prosente pul alyp, para berip çykmaly bolýarsyňyz, öň gözümiz bilen görüp gaýtdyk, biz indi maşgalamyzy alyp çykmagyň ugrunda’ diýýändiklerini gürrüň berdi.

Häzir daşary ýurtlaryň birinde işleýän migrant türkmen hem bu ýagdaýy tassyklady:

"Ýurda dolanyp baranlar gördi, ol ýerde uzakly gün işläp, zordan 100-120 manat gazanyp bolýar, o pul her günki azygyňy satyn almaga ýetýär, sähel bir zat edip, ‘bolanok’ duzagyna düşseň, jerime ýazsalar, ony tölemek üçin 2 günde gazanan puluňy iýmän-içmän jemläp bermeli bolýar."

Türkmen häkimiýetleri ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary, kanunda kepillendirilen adam hukuklarynyň tas ähli ugur boýunça bozulýandygy barada çykýan habarlara açyk reaksiýa bildirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Tomus aýlarynda ýaşaýyş jaýlaryň elektrik energiýasy ýygy-ýygydan kesilýär.
Tomus aýlarynda ýaşaýyş jaýlaryň elektrik energiýasy ýygy-ýygydan kesilýär.

Lebap welaýatynyň şäherleri we kiçiräk ilatly ýerleriniň ençemesi soňky günlerde elektrik togy bilen kadaly üpjün edilmeýär. Ýerli ýaşaýjylar ýaşaýyş jaýlarynda we edara binalarynda toguň yzly-yzyna öçüp durýandygyny we günüň uly böleginde bolmaýandygyny aýdýarlar. Elektrik togunyň kesilmegi iýulyň başyndan bäri dowam edýär we ilatly ýerleriň suw üpjünçiligine hem täsir ýetirýär.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçylarynyň maglumatlaryna görä, Hojambaz, Halaç, Köýtendag, Çärjew, Saýat etraplarynda hem-de Türkmenabat we Seýdi şäherlerinde elektrik togy günüň dowamynda azyndan 4–5 gezek öçürilýär. Bu ýagdaý ýaşaýjylaryň durmuşyna agyr täsir ýetirýär.

“Her gün birnäçe gezek togy kesýärler. Öýümizde diňe bir sowadyjy bar, olam köýdi. Täzesini almaga mümkinçilik ýok” diýip, Seýdi şäheriniň ýaşaýjysy Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Elektrik togy sebitdäki saglyk edaralarynda hem öçürilýär. Howanyň 45 gradusa çenli gyzýan wagtynda medisina edaralarynyň işinde uly päsgelçilik döreýär we hassalaryň saglygyna howp abanýar.

Keselhana toksuz galýar

Türkmenabatdaky saglyk öýleriniň birinde işleýän maşgala lukmany Azatlyk bilen gürrüňdeşlikde şeýle gürrüň berdi: “Saglyk öýüniň içinde örän yssy, hassalaryň nobatda köp durmagy ýagdaýy has hem kynlaşdyrýar. Gipertoniýa we ýürek-damar keselleri bilen ýüzbe-ýüz bolýan raýatlar üçin bu ýagdaý howply. Kondisionerler hem işlemeýär.”

Hojambaz etrabynyň saglyk işgäriniň maglumatyna görä, soňky günlerde ýürek-damar keselleri, infarkt we insult bolup, hassahanalara getirilýän adamlaryň sany artypdyr.

“Soňky bäş ýylda tomusda güýçli yssy sebäpli ýürek-damar keselleri bolan adamlaryň ýagdaýy agyr bolýar. Bu eýýäm adaty ýagdaýa öwrüldi. Tok öçürilende gipertonikleriň we ýürek ýetmezçiliginden ejir çekýänleriň hassahana düşjekdigi öňünden belli bolýar” diýip, saglyk işgäri aýtdy.

Lebap welaýatynyň birnäçe etrabynda we Türkmenabatda elektrik energiýasynyň üpjünçiliginiň yzygiderli kesilmegi iýul aýynyň başyndan bäri dowam edýär.

Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary elektrik energiýasyz oňuşmaly bolýandygyny, hatda toý dabarasynyň garaňkylykda geçirilýän halatlarynyň bolýandygy aýdýarlar: “Düýn tanyşymyň toýy boldy, sagat 14:00-da gelni öýe getirdiler, şondan soň tok öçdi we ertir daňdana çenli bermediler” diýip, türkmenabatly ýaşaýjy 6-njy iýulda gürrüň berdi.

Ýerli häkimiýetler toguň kesilmeginiň sebäplerini düşündirmeýärkä, bu ýagdaý könelişen infrastruktura desgalarynda döreýän näsazlyklaryň fonunda ýüze çykýar.

Ýerli çeşmeleriň maglumatlaryna görä, soňky bir hepdäniň dowamynda diňe Türkmenabat şäheriniň özünde ýedi sany transformator ýanypdyr.

“Himikler köşgünde, Bahar mikroraýonynda, üçünji kwartalda, Demirýolçylar mikroraýonynda birnäçe transformatoryň çydaman ot alandygyny gördük. Elektrik edaralaryna jaň edenimizde diňe ‘garaşyň, tiz wagtdan tok bolar’ diýýärler. Olar hem elimizden näme gelsin diýen ýaly jogap berýärler” diýip, ýaşaýjy gürrüň berdi.

Agyz suw üpjünçiligine täsir edýär

Tok ýetmezçiligi oba ýerlerindäki ýaşaýjylaryň agyz suwy bilen üpjünçiligine hem ýaramaz täsir ýetirýär.

“Obamyz merkezi suw ulgamyna çatylmadyk. Agyz suwuny elektrik nasos bilen ýerden çekýäris. Tok bolmasa, suw hem ýok. Dükanlardan satyn almaly bolýar. Häzirki ýagdaýda dükanlar suwuň bahasyny hem ýokarlandyrýarlar” diýip, Çärjew etrabynyň oba ýaşaýjysy gürrüň berdi.

Lebaplylar elektrik üpjünçiliginiň durnuksyzlygy diňe bir gündelik durmuşy kynlaşdyrmagy bilen çäklenmän, maşgalalara uly maddy zyýan ýetirýändigini belleýärler. Öýlerde sowadyjy enjamlaryň köýmegi we azygyň zaýalanmagy, dükanlarda harytlaryň bozulmagy ýaly ýagdaýlar her bir adama täsir edýär. Emma lebaplylar häkimiýetler tarapyndan düýpli çözgüt we çäre görülmeýändigine nägile bolýarlar.

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan ýaşaýjylar toguň öçmeginiň diňe şu gün dörän mesele däldigini, soňky ýyllarda güýz we gyş pasyllarynda hem şeýle kemçilikleriň yzygiderli ýüze çykýandygyny belleýärler.

Tomus aýlarynda ilatly ýerleriň elektrik energiýasynyň üpjünçiligi has hem ýaramazlaşýar. Şu tomsuň başyndan bäri, toguň öçmegi bilen bagly ýagdaýlar paýtagtda, Balkan welaýatynda we elektrik energiýasyny öndürýän esasy kärhanalaryň ýerleşýän ýeri Mary welaýatynda ýüze çykypdy.

Elektrik energiýasyny ençeme ýurda eksport edýän Türkmenistanyň hökümeti öz içerki ulanyjylaryny tok bilen üpjünçiliginde ýyllarboýy gaýtalanyp durýan problemalaryň sebäbini resmi taýdan düşündirmeýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene-de ýükle

XS
SM
MD
LG