Ukrainanyň iki gün yzly-yzyna eden dron hüjümleri Russiýanyň howa giňişligindäki gatnawlaryny ep-esli derejede bökdedi. 6-njy iýulda Moskwa we Sankt-Peterburg şäherleriniň iň uly howa menzillerinde uçuş çäklendirmeleri girizildi.
Russiýanyň Transport ministrliginiň maglumatyna görä, uçuş howpsuzlygyny üpjün etmek üçin girizilen çäklendirmeler sebäpli, ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli 400-e golaý uçuş ýatyryldy. Ministrlik ýolagçylary demir ýol ulagyndan peýdalanmaga çagyrdy.
“Şeremetýewo aeroportunda ýerli wagt bilen sagat 18:00-a çenli 171 uçuş ýatyryldy. Mundan başga-da 56 uçuş iki sagatdan gowrak gijikdirilip, uçmak üçin rugsada garaşýar” diýip, ministrlik habar berdi.
Sankt-Peterburg şäherindäki Pulkowo aeroportunda 90 uçuş ýatyrylyp, ýene-de 37 uçuş iki sagat gowrak soňa süýşürildi.
Ministrligiň habarynda Iwanowo, Kaluga, Kirow, Pskow we Tambow şäherleriniň aeroportlarynda hem uçuşlaryň wagtlaýyn saklanandygy mälim edildi.
7-nji iýulda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin transport ministri Roman Starowoýty wezipesinden boşadyp, onuň ýerine Nowgorod oblastynyň öňki gubernatory, transport ministriniň orunbasary Andreý Nikitini belledi.
Starowoýtyň wezipesinden boşadylmagynyň sebäpleri resmi taýdan aýdylmady. Käbir ýerli habar serişdeleri Starowoýtyň çalyşylmagyna birnäçe aý bäri garalandygyny öňe sürdüler. Emma bu maglumatlar resmi taýdan tassyklanmady.
Moskwanyň häkimi Sergeý Sobýanin paýtagta tarap uçýan alty ukrain dronunyň urlup ýok edilendigini mälim etdi, emma ol zyýan ýa-da ýitgi barada jikme-jik maglumat bermedi. Şeýle-de ýerli häkimiýetler Sankt-Peterburgyň we Kaluganyň golaýynda hem dronlaryň atylyp düşürilendigini habar berdi.
Belgorod oblastynyň gubernatory Wýaçeslaw Gladkow ukrain dronlarynyň serhetýaka sebitlerde iki adamyň ýaralanmagyna sebäp bolandygyny aýtdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi 7-nji iýula geçilen gijede 91 sany ukrain dronunyň ýok edilendigini öňe sürdi. Ministrligiň maglumatyna görä, iň köp dron Belgorod (20), Kursk (14) we Lipetsk (9) oblastlarynyň üstünde ýok edildi.
Bu wakalaryň yzýany bilen, 7-nji iýula geçilen gije Russiýa hem Ukrainanyň birnäçe sebitine ýene-de zarbalary amala aşyrdy.
Ukrainanyň Harby howa güýçleriniň maglumatyna görä, Russiýa ukrain territoriýasyna garşy jemi 101 sany pilotsyz serişdäni, şol sanda Şahed kysymly we aldawçy-imitasiýa dronlaryny, şeýle-de dört sany S-300/400 kysymly raketany atypdyr.
Ukrainanyň howa hüjüminden goranyş güýçleri ýerli wagt bilen sagat 09:30-a çenli rus dronlarynyň 75 sanysyny ýok edendigini habar berdi. Olaryň 58-si atylyp düşürilip, 17-si elektron söweş ulgamlary bilen zyýansyzlandyryldy.
Muňa garamazdan, ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, söweş dronlary ýurduň çägindäki 10 sebite zeper ýetirdi, ýedi künjekde bolsa dronlaryň galyndylary ýere gaçdy.
Forum