Bu Russiýanyň Ukrainany syndyrjak tomusmy? (Meňzemýär)
Ukrainanyň 100-nji aýratyn mehanizmleşdirilen brigadasynyň esgeri Dmytro Ukrainanyň front liniýasynda ýere ýegsan edilen şähere, Toretskä eden 110 günlük surnukdyryjy syýahaty wagtynda bir pursat rus esgerleriniň arasyndaky radio aragatnaşyk gürrüňlerini diňledi.
"Biz serkerdeleriň zabt ediş hüjümçilerine "Hiç kimi janly almaň" diýip berýän buýruklaryny ençeme gezek eşitdik" diýip, ol geçen aý demirgazyk-günbatara tarap ulagly gidilende bir sagat çemesi uzaklykda ýerleşýän Kramatorskda beren interwýusynda aýtdy. Ol diňe adynyň ulanylmagy şerti bilen gürledi. "Düşünşiňiz ýaly, bu ýerdäki söweş agyr boldy."
Russiýanyň giň gerimli urşy dördünji tomsunda möwç alýar, 100-nji brigada ýaly, Ukrainanyň gabalan we halys bolan goşunlary, Kremliň Kiýewi boýun egmäge mejbur etmek tagallalarynyň arasynda, has uly goşunly, köp ýaragly, köp ok-därili rus güýçleriniň öňünde ýuwaş-ýuwaşdan ýan bermegini dowam etdirýär.
Russiýa soňky hepdelerde söweş meýdanyndaky operasiýa depginlerini ýokarlandyrýar. Bu garaşylýan tomus hüjümininiň başlanandaygyny aňladýarmy ýa-da bu tagallalar indi başlanmaly, bu entek açyk sorag.
Her niçik-de bolsa, ýakyn aýlarda Moskwanyň aýylganç bir sepgide – 1 million esgeriniň öldürilmegine ýa-da ýaralanmagyna ýetmegine garaşylýar. Bu Russiýa bilen Sowet Soýuzynyň Ikinji jahan urşundan bäri ýüzbe-ýüz bolan ähli konfliktlerinde çeken ýitgilerinden has ýokary ýitgi bolýar.
ABŞ goşunynyň dynç alşa çykan maýory, häzirki wagtda Polşanyň gözleg toparynda, “Rochan Consultingde” rus ýaragly güýçleri boýunça analitik bolup işleýän Iwan Torresiň pikiriçe, ruslaryň tomusky hüjümi entek başlananok.
"Ruslar häzirki wagtda tomusky kampaniýa möwsümine geçýärler, soňky gazanan netijelerini bir ýere jemleýärler, güýçlerini täzeden gurýarlar, ätiýaçlyk güýçlerini we enjam toplaýarlar, şol bir wagtda hem basyş we hüjüm ýagdaýyny saklaýarlar" diýip, ol aýtdy.
"[Ruslaryň] tomus hüjüminiň soňuna çenli gazanmak isleýän zady Donetsk [sebtiniň] ähli ýerini almak. Olar haýal ilerleme etdiler, ýöne gaty köp, örän kän ýitgi bilen" diýip, Waşingtondaky pikir merkeziniň Goranyşyň ileri tutulýan ugurlary boýunça baş strategiýa programmasynyň müdiri Rajan Menon aýtdy.
Ine, 1945-nji ýyldan bäri Ýewropanyň iň uly guryýer urşunda 40 aýdan gowrak wagtyň içinde emele gelen ýagdaýa syn.
Sumy
Ukrain rus güýçleriniň hüjümini saklamak üçin 1100 kilometre uzaýan front liniýasynda, günortadaky Herson şäheriniň golaýyndaky Dnieper derýasynyň aşaky akymyndan Pokrowsk we Toretsk şäherleriniň demirgazyk-gündogaryna, soňra demirgazykdaky Çasiw Ýar we, Russiýanyň serhet sebiti Belgorodyň golaýyndaky Kupýanska çenli aralykda kyn söweş gurýar.
Emma, Kupýanskdan 300 km demirgazyk-günbatarda, rus goşunlary uruşdan öň 255,000 ilaty bolan Sumy şäherine golaýlaýar.
Sumy rus serhedine we Ukrainanyň geçen awgustda basyp alan Kursk sebitine barýan uly ýoluň boýunda ýerleşýär. Ukrainanyň bu sebiti basyp almagy Kremliň ýüzüni ýere saldy. Rus goşunlary 11 müň töweregi demirgazyk koreýalynyň goldamagy bilen, soňky ukrain bölümlerini aprel aýynyň aýagynda Kurskdan çykardy.
Rus serkerdeleri soňky hepdelerde Sumyny nyşana alyp, demirgazykdan kiçi göwrümli hüjümlere başlady. 3-nji iýulda rus goşunlary şäheriň 20 km töweregi uzaklygynda ýerleşýärdiler.
Rus resmileri Suma tarap süýşülmegini serhet ýakasynda “çuň bufer zonasyny” döretmek tagallasy hökmünde görkezdiler. Iýun aýynyň ortalarynda Sankt-Peterburgda geçirilen maýa goýum konferensiýasynda berlen soraga jogap berip, prezident Wladimir Putin şäheriň basylyp alynmak ähtimallygyny aýňzytdy.
"Biziň Sumyny ele geçirmek maksadymyz ýok. Ýöne men prinsipde muny aradan aýyrmaýaryn" diýip, ol aýtdy.
Şondan birnäçe gün soň, 26-njy iýunda, Ukrainanyň baş serkerdesi Russiýanyň Sumy şäherine tarap edýän ilerlemesiniň togtadylandygyny aýtdy.
"Maý we iýun aýlarynyň netijelerine esaslanyp, duşmanyň Russiýanyň çäginden "tomus hüjümine” başlamak synanyşyk tolkunynyň boglandygyny aýdyp bileris" diýip, general Oleksandr Syrskiý aýtdy. "Şu hepdeden başlap, rus goşunlarynyň Sumy sebitiniň serhetýaka sebitindäki ilerlemesi togtadyldy we söweş aragatnaşygy durnuklaşdyryldy."
Çasiw Ýar
Rus goşunlary geçen ýylyň fewral aýynda has göwrümli Awdiýiwka şäherini eýeläninden soň, 2024-nji ýylyň ýazyndan bäri Donetsk sebitindäki baýyrlyk şähäre, Çasiw Ýara tarap ilerleýär.
Ukraina güýçleri, tebigy gorag hökmünde suwaryş kanalyna bil baglap, 2024-nji ýylyň köp böleginde rus esgerlerini saklady. Emma muňa garamazdan, “DeepState” açyk çeşme analitik toparynyň habaryna görä, rus bölümleri şu hepde şäheriň 90 göterime golaýyny ele geçirdi.
Soňky günlerde bolsa, rus goşunlary günortadan Kostýantyniwka tarap süýşýär diýip, Kiýewdäki pikir merkeziniň, Goranmak strategiýasy merkeziniň analitigi, dynça lyşdaky ukrain polkownigi Wiktor Kewlýuk aýtdy.
"Ýagdaý kyn, duşmanyň minimal ilerlemesi bar, olar hatda Çasiw Ýar sebitinde hem taktiki üstünlik gazanyp bilenok, ýogsa bu böwsüşe goşant bolardy" diýip, ol elektron poçta arkaly beren jogabynda aýtdy.
Eger-de Ukraina Çasiw Ýary doly ýitirse, bu rus güýçlerine günorta-günbatarda demirýol we awtoulag ýollaryny birleşdirýän şäheri, Kostýantyniwkany bombalamak üçin uly artykmaçlyk bermek wehimini salardy. Bu öz gezeginde ukrainleriň üpjünçilik liniýalaryna howp abandyryp, ukrain güýçleriniň esasy plasdarmy bolan Slowýansk we Kramatorsk şäherlerine wehim salardy.
Pokrowsk
Çasiw Ýaryň günorta-günbataryndan takmynan 55 km uzaklykda, ukrainleriň berk gorag berkitmelerini guran başga bir uly şäheri, Pokrowsk ýerleşýär. Bu rus goşunlaryny Kotylne obasyndaky ikinji ýoly basyp alyp, günorta we günbatara tarap süýşmäge mejbur etdi.
Has uly ýol, E50, Pokrowskdan Dnipro şäherine tarap gidýär. Şol ýoluň ýitirilmegi Pokrowskä howp salar. Pokrowskiniň ýitiririlmegi bolsa, hünärmenleriň “aglomerasiýa” diýip atlandyrýan senagat şäherçelerine we magdan känlerine, Ukrainanyň front liniýalarynyň uly bölegine howp salar.
"Tomus hüjüminiň esasy maksady Donetsk sebitini doly basyp almakdan ybarat, Slowýansk-Kramatorsk aglomerasiýasyny ele geçirmek" diýip, Kewlýuk aýtdy.
"Eger-de hüjüme sezewar bolan we ruslar tarapyndan alynmaly, alynmagy mümkin ýerleriň adyny aýtmaly bolsam, men munuň ýagdaýy üýtgetjegini bilemok, ýöne hakykatdanam agyr zarba boljak ýerler, Pokrowsk we Kostýantyniwka bolar, sebäbi Kostýantyniwka Izýumdan Kramatorska çenli uly şäher kysym gurluşlaryny açyk galdyrýar" diýip, Menon aýtdy.
"Ruslar olary alyp bilerden daşda" diýip, ol aýtdy. "Mesele munuň näçe wagt aljagynda. Bizde tomus hüjümi synmazyndan bärde köp wagt bar."
Ukrainanyň baş serkerdesi Syrskiý 28-nji iýunda eden çykyşynda Russiýanyň Pokrowskdan demirgazyk-gündogara, Dobropilýa şäherine tarap süýşmek tagallasy barada hem duýduryş berdi.
Bu konfliktiň surnukdyryjy söweşe ýazmagy bilen, hem Ukraina, hem Russiýa täze-täze tehnologiýalary we täze taktikalary işe girizmäge gyssandy. Rus güýçleri ukrainalylary ysgyndan gaçyrmak üçin köp mukdarda ot açyş ýaraglaryna bil baglaýan bolsalar, Kiýew, köp hünärmeniň aýtmagyna görä, has çakgan we täzeçil ýaraglara, esasanam pilotsyz uçarlara köp ýykgyn edýär.
Şu aralykda, pilotsyz uçarlaryň köpelmegi taktikanyň hem üýtgemegine alyp geldi: garşydaşyň goranyşyny böwüsmek üçin sowutly, agyr ýaraglary ulanmaga derek, çalt hereket edýän motosikl bölümleri ulanylyp başlandy.
Bu Russiýa üçin öz uly şowsuzlyklarynyň görkezijisi boldy diýip, Menon aýtdy. "Olar, ukrain pilotsyz uçarlarynyň hüjümleri netijesinde, örän köp tank we bronly ulag ýitirdiler we uly sowutly ulag hüjümlerden ýüz öwrüp, motosikllere, hatda sowutsyz ýolagçy awtoulaglaryna geçidiler.”
Makala gysgaldylyp çap edilýär.
Forum