Morsal we onuň kämillik ýaşyna ýetmedik üç çagasy Owganystanyň gündogarynda, gaýynlarynyň çalamydar jaýynda ýaşaýar.
Ýurduň iş ýüzündäki dolandyryjysy bolan "Talyban" aýal-gyzlar üçin bar bolan iş mümkinçiliginiň hemmesini diýen ýaly kesýär we ýurtda mätäç maşgalalara goldaw bermek üçin hiç hili durmuş ulgamy ýok. Netijede, 40 ýaşly dul aýalyň we onuň çagalarynyň, şol sanda maýyp oglunyň ne goragy, ne-de goldawy bar.
Howpsuzlyk aladalary sebäpli ady üýtgedilen Morsalyň ozallar Owganystandaky aýal-gyzlar gaçybatalgalarynynyň birine ýüz tutmak mümkinçiligi bardy.
Emma 2021-nji ýylyň awgust aýynda, halkara parahatçylygy goraýyş güýçleriniň gözegçiliginde saklanan 20 onýyllyk düzgünden soň, "Talybanyň" häkimiýeti ele almagy bilen, Morsal ýaly aýal-gyzlar örän kyn ýagdaýa düşdi, ýagny ýurduň günbatar tarapyndan goldanýan hökümeti döwründe işlän 26 aýal-gyzlar gaçybatalgasynyň hemmesi diýen ýaly ýapyldy.
"Meniň merhum adamym [öňki hökümetiň] milli goşunynda gulluk edýän wagtynda öldürildi we onuň öz jaýy ýokdy" diýip, Morsal Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy. Onsoň ol, başga barara ýer tapman, gaýynlaryna, öz sözleri bilen aýyldanda, ‘sütem öýüne’ barmaly bolýar.
"Adamymyň erkek dogany meni kemsidýär, sütem edýär. Men öz aýal doganymyň öýüne gitdim, ýöne onuň adamsy meniň olar bilen ýaşamagymy islemedi, şonuň üçin gaýynlarymyň ýanyna dolanmaly boldum".
"Talyban" 2021-nji ýylyň tomsunda owgan şäherlerini ýyldyrym çaltlygynda basyp alanda, aýal penahanalarynyň köpüsi, jeza berilmeginden gorkup, öz gapylaryny ýapyp başlady. Gaçybatalga işgärleri köp ýagdaýda ynjyk resminamalary ýakyp, pena alan aýallar bilen bilelikde gaçdylar.
Çuňňur konserwatiw we patriarhal ýurt bolansoň, "Talyban" Owganystandaky häkimiýet başyna gaýdyp gelmezinden ozal hem, aýallar gaçybatalgalary ýiti tankyda sezewar bolupdy.
Maşgaladaky sütem adaty zat. Mejbury nika adaty, kada öwrülen bir ýagdaý we Owganystanda aýallaryň öz janyna kast etmegi dünýäde iň ýokary derejeleriň arasynda galýar.
Penahana resmileri, jemgyýetde göze ilmezlik üçin, doly oflaýn düzgüninde işlemek ýa-da işgärleriniň we müşderileriniň “Talyban” jezalandyrmasyna sezewar bolmazlygy üçin, penahanalary ýapmak we aýallary yzyna, kemsidiji maşgalalaryna ibermek ýaly agyr seçgi bilen ýüzbe-ýüz bolýandyklaryny aýtdylar.
Morsal we Owganystanyň dürli künjeklerinden Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan beýleki birnäçe aýal bu gaçybatalgalaryň howpsuz ýer, şeýle-de sütem edýän ärlerinden, gaýynlaryndan ýa-da zorlukly nikadan gaçmaga synanyşýan aýallar üçin, beýleki hyzmatlaryň arasynda, maslahat we kanuny goldaw üpjünçiligini hem berendigini aýtdy.
Gaçybatalga bolmasa, öz aýtmaklaryna görä, olaryň aşa konserwatiw, aýallaryň aýrylşman, urup-ýençän hem bolsa ärleri bilen ýaşamagyny oňlaýan jemgyýetde gidere ýerleri ýok we sütemkärler bilen bile bolmakdan başga alaçlary galmaýar.
Birleşen Milletler Guramasy “Talyban” häkimiýetleriniň aýal-gyzlara garşy ulanýan “berk diskriminasiýasynyň” “jyns taýdan yzarlanmalara, adamzada garşy jenaýata barabar bolup, jyns aparteidi hökmünde häsiýetlendirilip bilinjekdigini” aýdýar.
BMG-niň 3-nji iýulda çap eden hasabatynda aýdylmagyna görä, millionlarça owgan bosguny “Talybandan” gaçyp giden ýurtlaryndan yzlaryna, öýlerine dolanyp gelýär we bu ýagdaý ulgama has kän agram düşmegine getirýär.
2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri resminamasyz owgan migrantlarynyň 2,43 milliondan gowragy Eýrandan we Pakistandan dolanyp geldi, olaryň üçden birinden gowragy aýal-gyzlar bolup durýar.
"Gaýdyp gelşiň depgininiň ýokarlanmagy Owganystanyň ozalam kyn şertdäki ynsanperwer ulgamyny has kyn ýagdaýa salyp, aýratyn-da aýal-gyzlara has beter agram salýar” diýip, BMG aýtdy.
"Yzyna gaýdyp gelenler, esasy serişde ýetmezçiligi ýa-da bolmazlygy zerarly, jyns esasly zorluga, ir we mejbury nika, adam gaçakçylygyna we jynsy gatnaşyk söwdasyna sezewar bolýarlar.”
Şu aralykda, Halkara Jenaýat Kazyýeti 8-nji iýulda Owganystandaky "Talybanyň" ýokary derejeli ýolbaşçylaryny tussag etmek barada karar çykaryp, ol ýerde ýokary lider Haýbatulla Ahundzadany we baş kazy Abdul Hakim Hakkanyny "jyns esasyndaky ýanamalar sebäpli adamzada garşy jenaýat etmekde" günäkärlemek üçin "esasly sebäpleriň" bardygyny aýtdy.
Forum