Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Zelenski rekord derejeli rus howa hüjüminden soň, Moskwa garşy “möhüm” sanksiýalary girizmäge çagyrdy


Russiýanyň Ukraina uran zarbalarynyň netijeleri
Russiýanyň Ukraina uran zarbalarynyň netijeleri

9-njy iýula geçilen gije we günüň ir sagatlarynda Russiýa tarapyndan Ukraina garşy rekord derejeli howa zarbalary amala aşyryldy. Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski bu wakalaryň fonunda Russiýa garşy täze sanksiýalaryň girizilmegine, şol sanda rus nebitini satyn alýan ýurtlara garşy berk çäreleriň görülmegine we Moskwany parahatçylyk gepleşiklerine mejbur etmek üçin basyşy güýçlendirmäge çagyrdy.

“Bu, bir günüň dowamynda iň köp howa zarbalarynyň amala aşyrylan güni boldy” diýip, Zelenski X sosial ulgamyndaky sahypasynda ýazdy. Onuň aýtmagyna görä, Ukraina garşy 728 sany dron, 13 sany “Kinjal” gipersonik raketa we “Iskander-K” ballistik raketalary bilen hüjüm edildi.

Zelenskiniň aýtmagyna görä, gijeki zarbalarda ulanylan 300-den gowrak dron Eýran tarapyndan öndürilen “Şahed” kysymly dronlar bolupdyr.

Ukrain harbylarynyň maglumatyna görä, rus zarbalary esasan ýurduň günbataryndaky Lutsk şäherine gönükdirildi. Şäheriň häkimi Ihor Poliýşuk gijeki hüjümleriň Lutsk üçin şu wagta çenli görlen iň uly hüjüm bolandygyny aýtdy.

Kiýew, Harkiw we Dnepropetrowsk ýaly beýleki 10 oblastynda hem hüjüm netijesinde zeper ýetendigi habar berilýär.

“Bu hüjüm köp zady aýdýar... bu parahatçylygy gazanmak üçin edilýän köp sanly tagallalaryň döwrüne gabat geldi” diýip, Zelenski aýtdy. Şeýle hem ol bu ýagdaýyň rus nebitini satyn alyp, munuň bilen adamlaryň öldürilmegini maliýeleşdirýän ýurtlara garşy “duýarly ikinji derejeli sanksiýalary” girizmegiň zerurlygyny ýene bir gezek subut edendigini belledi.

8-nji iýul gijesinde ilkinji rus dronlary Ukraina giren wagtynda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp rus prezidenti Wladimir Putine bolan nägileligini ýene bir gezek mälim etdi.

Ak tamda çykyş eden Tramp, Moskwa garşy täze sanksiýalaryň girizilmeginiň ähtimallygyny öwrenýändigini hem-de ABŞ-nyň Ukraina goranmak üçin goşmaça ýaraglary berjekdigini aýtdy. Sebäbi, onuň sözlerine görä, “Putin adamlara garşy özüni gaty ýalňyş alyp barýar”.

Trampyň çykyşyndan birnäçe sagat soň Ukraina garşy amala aşyrylan hüjümler netijesinde köp adam ýaralandy we sekiz adam heläk boldy.

Harkow oblastyndaky Kupýansk şäherinde amala aşyrylan zarbada 68 ýaşly bir adam öldi we iki sany ýaşuly aýal ýaralandy. Donetsk we Hmelnitskiý sebitlerinde hem dört adamyň heläk bolandygy habar berildi.

Rus goşunlary tarapyndan bölekleýin basylyp alnan Herson sebitine amala aşyrylan aýry başga bir hüjümde bir ýaşly oglanjyk öldi we ony göterip barýan 64 ýaşly aýal ýaralandy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatyna görä, şol ýerde 73 ýaşly bir adam hem agyr ýaralandy.

“Russiýanyň bu hüjümleri ABŞ-nyň Ukraina ýarag üpjünçiligini köpçülige açyk mälim eden wagtynda amala aşyrmagy aýratyn üns çekiji ýagdaýdyr” diýip, Ukrainanyň prezidentiniň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Andriý Ýermak Telegram sahypasynda ýazdy.

Forum

XS
SM
MD
LG