Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Russiýanyň Kiýewiň ýaşaýyş sebitine uran zarbasynda azyndan 2 adam öldi


Russiýanyň öten agşamyň dowamynda Kiýewe eden hüjümleriniň netijesi
Russiýanyň öten agşamyň dowamynda Kiýewe eden hüjümleriniň netijesi

Russiýa Ukrainanyň şäherlerine tapgyr ikinji gije hüjüm edip, paýtagt Kiýewde azyndan iki adamyň ölmegine we ýaşaýyş sebitlerinde zeperleriň döremegine sebäp boldy. Hüjüm takmynan 10 sagat dowam etdi.

Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski 10-njy iýula geçilen gije ýurduň alty sebitine edilen hüjümde 18 raketanyň we takmynan 400 dronyň ulanylandygyny aýtdy. Olaryň ýarysyna golaýy Eýranda öndürilen “Şahed” kysymly pilotsyz uçarlar bolupdyr.

“Bu Russiýanyň terrorçylyk hereketleriniň aç-açan ýaýbaňlanmagydyr… Sanksiýalar has çalt girizilmelidir” diýip, Zelenskiý X sosial ulgamynda ýazdy. Prezident halkara jemgyýetçiligini Russiýa garşy basyşy güýçlendirmäge we Moskwany üç ýyldan gowrak wagt bäri dowam edýän urşy bes etmek üçin parahatçylyk gepleşiklerine mejbur etmäge çagyrdy.

Kiýewiň harby administrasiýasynyň başlygy Timur Tkaçenko rus hüjümleri sebäpli iki adamyň heläk bolandygyny aýtdy. Onuň aýtmagyna görä, şäheriň azyndan bäş sebitinde ýangyn döredi.

Kiýewiň häkimi Witaliý Kliçko 16 adamyň ýaralanandygyny, ýaşaýyş jaýlarynyň, ulaglaryň we ýangyç bekediniň zyýan çekendigini habar berdi.

Ukrainanyň harby güýçleri dronlaryň sekiz sebite zarba urandygyny we ýene 23 künjege urlan dronlaryň bölekleriniň gaçandygyny aýtdy. Beýannatda ballistik we ganatly raketalaryň ählisiniň howa hüjüminden goranyş ulgamlary tarapyndan ýok edilendigi bellenilýär.

Bu Russiýanyň mundan bir gün öň, ýagny 9-njy iýula geçilen gije we günüň dowamynda Ukraina garşy 728 dron, 13 sany “Kinžal” gipersonik we “Iskander-K” ballistik raketalary bilen amala aşyran giň gerimli hüjüminden soň boldy.

“Bu uruş başlaly bäri bir gije-gündiziň dowamynda amala aşyrylan iň iri howa hüjümi boldy” diýip, Zelenski belledi.

Bu hüjümden soň, Zelenski rus nebitine garşy berk sanksiýalary we Moskwany parahatçylyk gepleşiklerine çekmek üçin beýleki çäreleri güýçlendirmek barada ýene bir gezek çagyryş etdi.

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp şu hepdäniň başynda rus kärdeşi Wladimir Putin bilen bolan gürrüňdeşliginde Moskwanyň urşy togtatmak barada aýak diräp durmagyna nägilelik bildirdi.

9-njy iýulda Zelenski Rimde ABŞ-nyň Ukraina boýunça ýörite wekili Kit Kellogg bilen duşuşdy. Ukraina Trampyň öňe ilerledýän we Kiýew tarapyndan makullanan parahatçylyk teklibini doly goldaýandygyny aýtdy.

Zelenski bilen Kelloggyň duşuşygynda, ukrain şäherlerine edilen soňky giň gerimli hüjümleriň arasynda, ýurduň howa goranyşyny güýçlendirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Zelenski şeýle hem “Waşingtonyň Ukraina harby kömegini täzeden dikeltmegi barada beren yşaratlarynyň möhümdigini” nygtady.

Pentagon geçen hepde ABŞ-nyň öz ýarag ätiýaçlarynyň azalandygyny belläp, Ukrainanyň käbir ýarag üpjünçiligini togtadandygyny yglan edipdi. Emma soňra Tramp Ukrainanyň özüni goramagyna kömek etmek üçin goşmaça ýarag iberjekdigini aýtdy.

Zelenski we Kellogg Moskwa garşy sanksiýalary güýçlendirmek, şeýle hem Putine basyş edip, ok atyşyklary bes etmek baradaky ylalaşyga mejbur etmek üçin teklipleri ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdylar.

Zelenski we Kellogg Rimde halkara jemgyýetçiliginiň Ukraina goldawyny güýçlendirmäge gönükdirilen ýörite konferensiýa gatnaşýarlar.

“Rus hüjümlerine berk jogap bermek zerur. Biz muny üpjün ederis” diýip, Zelenski 10-njy iýulda aýtdy.

Forum

XS
SM
MD
LG