Türkmenistanda ‘köşk bagşysy’ hökmünde tanalýan Jemal Saparowanyň türkmen prezidentine täç geýdirip, ony ömürlik şa etmek barada eden çagyryşyny sosial mediada diňlän türkmenistanlylarda bir topar sorag döredi.
Olaryň käbiri özüni demokratik, hukuk we dünýewi döwlet diýip atlandyrýan ýurtda orta asyrlardaky dolandyryş usulyna geçilmegi barada edilen çagyryşy ‘ýokardan berlen’ görkezme hasaplasa, beýlekileri bu ‘ýaranjaň bagşylaryň öz inisiatiwasy’ diýen pikiri öňe sürýär.
“Mähribanlar, ör turuň, baş egeliň Serdara,//Goý, ömürlik şa bolsun, täç geýdiriň soltana” diýip, täze aýdymda aýdylýar.
Ýerli synçylaryň köpüsiniň pikirine görä, Jemal Saparowanyň bu göçümi ýokardan maslahatsyz, özbaşdak ýagdaýda, ‘suwy barlamak üçin’ etjegine ynanmak kyn.
Döwlet eýeçiligindäki metbugatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Dokmaçylar” medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans toparynyň çeper ýolbaşçysy, Annajemal Saparowna Nurmuhammedowa diýlip tanadylýan bagşy geçen ýyl prezident Serdar Berdimuhamedowyň karary bilen ýurduň iň ýokary tapawutlandyryş derejesine — “Türkmenistanyň Gahrymany” diýen ada, “Altyn Aý” altyn nyşanyna mynasyp boldy, öňki prezident, uly Berdimuhamedow oňa bagyşlap ýazandygyny aýdýan goşgusyny il ortalaýyn, başyny dik tutup okap berýär.
Emma muňa garamazdan, Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň birnäçesi prezidente täç geýdirmek baradaky çagyryşyň ýokardan berlen görkezme esasynda edilendigine ynanyp bilmeýändigini aýtdy.
"Bular üçin ýörite tabşyryk, teklip gerek däl”
“Hemra Rejebow we Jemal Saparowa belli aýdymçylar, hersi bir aýdym çykaryp, Serdary patyşa etmek [baradaky] propaganda aýdymyny internet üsti bilen paýlaşdylar. Munuň ýokardan berlen tabşyryk bolmagy mümkin däl. Bularyň beýle aýdym çykarmagy üçin ýörite tabşyryk, teklip gerek däl” diýip, Azatlygyň balkanly söhbetdeşi aýtdy.
Onuň sözlerine görä, Jemal Saparowa Nyýazow döwründe Nyýazowy öwdi, Gurbanguly prezident wagtynda Arkadagy öwdi, indi onuň ogluny öwýär, ‘halk içinde onuň abraýy ýok’.
“...eger Serdara ömürlik täç [geýdirmek], patyşalyk teklip etmeli bolsa, il arasynda halanýan Akyş Sapara ýa-da Gülşat Gurdowa aýdym aýtmagy tabşyrardylar, hökümet bu zatlary gowy bilýär we ähli tarapyndan hasap edýärler” diýip, söhbetdeşimiz öz pikirini delillendirmäge synanyşdy.
Şeýle-de, balkanly söhbetdeşimiz sözüni dowam etdirip, “Serdar ömürlik şa bolup bilmez, dünýäniň häzirki dawaly wagtynda gaýtam demokratik ýol bilen gitse, has peýdaly bolar, ömri uzak bolar” diýip pikir edýändigini aýtdy.
“...ýogsa halk häzir ýadady, bir maşgalanyň eden-etdilik bilen dolandyrmagyndan asfalt ýollar zaýa, liftler işlemeýär, öýsüz dilegçiler we ýurdy terk edýänler köpeldi, manadyň iki kursy adamlary çörege zar etdi” diýip, Azatlygyň habarçysy bilen anonimlik şertinde gürleşen ýaşaýjy aýtdy.
"Bu teklip tötänlik bolman hem biler"
Emma edil şu wagt, dünýäniň häzirki ýagdaýynda Türkmenistanda “ömürlik şa” barada aýdym aýdylmagyny asla tötänlik hasaplamaýan adamlar hem az däl.
“...bu ýokardan görkezilen buýruk. Wagtynda Türkmenbaşyny hem ilki goşgularyň, aýdymlaryň üsti bilen baky prezident etmäge çagyryp, wasp etdiler we [ol] yz ýany baky prezident bolupdy. Indi bolsa ýurtda şalyk döretmegiň ugrunda, bular ýasama şalyk döretmek üçin dürli ýollara çykdylar” diýip, bu pikiriň ýokardan gaýdýandygyna ynanýan ýaşaýjy aýtdy.
Onuň pikiriçe, Serdaryň ömürlik şa bolmagy baradaky teklip häzir aýdym üsti bilen orta atyldy, “indi şol aýdymy ähli türkmen teleýaýlymynda [berip], internet ulgamlarynda propagandaçy blogerleriň üsti bilen reklama başladarlar, ol hem daşda däl”.
Soňky döwürde sosial ulgamlarda pikirini aýtmaga çalyşýan türkmenistanlylaryň ýaranjaňlyga, şol sanda döredijilik wekilleriniň ýokary wezipeli şahslaryň öňünde özüni alyp barşyna bildirýän nägilelikleri barha kän we sypaýyçylyksyz görnüşde ýüze çykýar diýip, synçylar belleýär.
Azatlygyň habarçysy adamlaryň “...şalykdan tapawudy ýok, ilki kakasy, soňra ogly, indiki gezek agtygy tagta geçer” diýip, özara gürrüň edýändiklerini hem habar berdi.
“Eger halk tarapyndan hiç hili garşylyk görkezilmese, Türkmenistan patyşalyga geçer. Adamlar bu barada pikir edýärler, patyşalyk bolsa, bu ýurtda ýasamak gitdigiçe kynlaşar” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu ýagdaýda ýurtda “beter zatlara garaşmaly”, “häzirlikçe Türkmenistan Berdimuhamedowlaryň elinde” diýen jümleler bilen öz pikirini jemledi.
Maglumat üçin aýdylsa, Saparowanyň teklibiniň il içinde döreden soraglary Aşgabadyň ýewropa ýurtlary bilen guran gatnaşyklaryny has giňeltmäge ymtylýan wagtyna gabat geldi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň başynda tassyklanylmagyna görä, türkmenistanlylar Esasy Kanuny “...jemgyýetde asudalygy we agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk, dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp” kabul etdi.
Esasy Kanunyň 1-nji maddasynda aýdylmagyna görä, “Türkmenistan demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwlet dolandyryşy prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar.”
Türkmen hökümeti bagşy Jemal Saparowanyň öz senedi, aýdym-sazly çykyşy arkaly eden dolandyryş özgerişligi çagyryşyna, “ömürlik şalyk” ideýasyna häzirlikçe açyk reaksiýa bildirmeýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum