Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

DIM-niň Türkmenistany agzan ukrain TW-sini ýazgarmagy türkmen jemgyýetinde uly çekişme döretdi


Türkmenistanyň öz habar serişdeleri berk döwlet gözegçiliginde saklanýar we ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary berýär.
Türkmenistanyň öz habar serişdeleri berk döwlet gözegçiliginde saklanýar we ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary berýär.

Türkmen DIM-niň Ukrainanyň "FREEDOM" telekanalyna resmi protest bildirip, ýörite beýanat çap etmegi türkmenistanlylaryň arasynda uly diskussiýa döreden täzelikleriň biri bolupdyr. Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki habarçylary türkmen resmileriniň ýurduň ýapyklygyny ret etmegi ýapyklykda ýaşaýan ilatda uly nägilelik döretdi diýýärler. Habarçylar ýurduň dürli künjekleriniň ýaşaýjylary bilen gepleşmegi başardylar.

"Türkmenistandaky ýapyklyk we internetiň petiklenmegi" baradaky habara garşylyk bildirmegi türkmenistanlylarda uly nägilelik döretdi. Türkmenistanlylar gürrüňdeşlikde türkmen häkimiýetleriniň bu "reaksiýasyny" "akla sygmajak ýalan", "masgaraçylyk", "baryp ýatan propaganda" ýaly epitetler bilen häsiýetlendirdiler diýip habarçymyz belleýär.

DIM-niň 8-nji iýulda çap eden beýanatynda ukrain TW-sinde Türkmenistan barada berlen habara nägilelik bildirilip, "Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä «ýapyklygy» barada aýdylan tarapgöý häsiýetli" we "hakykata laýyk gelmeýän maglumat" atlandyryldy.

Bellemeli ýeri, DIM-niň berk tankydyna sebäp bolan ukrain telekanalynyň maglumatynda Türkmenistandaky internet problemasy gytaklaýyn agzaldy, ýagny Russiýadaky internet elýeterliliginiň gitdigiçe ýaramazlaşyp, Türkmenistanyň we Demirgazyk Koreýanyň derejesine ýakynlaşyp biljekdigi agzaldy.

Habarçylarymyz bilen pikir paýlaşan türkmenistanly býujet işgärleri, studentler, telekeçiler we oba ýaşaýjylary türkmen DIM-niň ukrain tarapyna garşy reaksiýa bildirmegini bir tarapdan, "rusmeýilli syýasy ädim" diýseler, beýleki tarapdan, režimiň yzly-yzyna gelen "ýapyklyk" baradaky iki çykyşa mejbury jogap diýip häsiýetlendirdiler.

"Bu bir masgaraçylyk ahyryn, ýurtda merkezi- Aşgabatda internet aragatnaşygy kanagatlanardan has bärde, çetki obalar barada aýtmasa hem bolar. Şeýle ýagdaýda haýsy ýüz bilen bu ýerlikli tankyda garşy çykyp bolar?" diýip, paýtagtly býujet işgäri aýtdy.

Balkanly telekeçileriň sözlerine görä, soňky wagtlarda häkimiýetleriň internete basyşyny güýçlendirmeginiň fonunda "hökümetçi internet ulanyjylaryň" sany administratiw ýol bilen köpeldilýär.

"MHM işgärleri yzygiderli internetde we sosial torlarda reklama çykarýan, hyzmatlary we harytlary hödürleýän telekeçiler we blogçylar bilen duşuşyp, olardan 'hökümetçi kontenty' ýerleşdirmegi talap edýärler. Ýagny, bize aç-açan 'IMO-da, Instagramda, Youtube-da, TikTok-da wideolaryňy, reklamlaryňy çykarjak bolsaň, sosial ulgamlarda prezidenti, Arkadagy öwýän, olaryň syýasatyny goldaýan teswirleri we materiallary çykaryp durarsyňyz, bolmasa, mesele çykaýmasyn' diýip, haýbat atýarlar " diýip, balkanly telekeçi gürrüň berdi.

Daşoguzly ýaşaýjylarynyň gürrüň bermegine görä, tomsuň jöwzaly yssysynda elektrik togunyň yzygiderli öçmeginiň netijesinde ilatyň aragatnaşyk, sosial we azyk üpjünçiligine hem uly zyýan ýetýär.

"Tok öçen badyna töleg terminallary, Wi-Fi ulgamlary we mobil interneti öçýär, netijede, dükanlarda harytlary satyp hem, satyn alyp hem bolanok. Sowadyjylardaky buzuň eremegi bilen, et, balyk, süýt-gatyk önümleri zaýalanýar. Ýöne hat-da elektrik togy kadalyrak işläninde hem kanagatlanar ýaly internet aragatnaşygy ýok, gaty kösenýäris, has hem oba ýerlerinde mobil we öý internetiniň hili gaty pes" diýip, daşoguzly ýaşaýjy gürrüň berdi.

Lebaply ýaşaýjylar ýurtda internet ýetmezçiliginiň hiç kim üçin syr däldigini belläp, DIM-iň resmi beýanatyny "gülküli" we "gözgyny" atlandyrdylar.

"Häzirki tomus möwsüminde Lebap welaýaty sözüň doly manysynda ulag üzňeliginde. Iýunyň ahyryndan Aşgabat-Awaza ugry boýunça goşmaça awtobus goýmak bahanasy bilen, Türkmenabat-Aşgabat awtobusy ýatyryldy, hat-da goňşy Mary welaýatyna hem hiç hili awtobus gatnawy galdyrylmady. Bary-ýogy günde iki gezek ugraýan otly gatnawy hem ilatyň ulag talabyny ödäp bilenok. Wokzallarda biletleri kassada satman, 'baryň, internetden alyň' diýip, kowýarlar. Emma yzy üzülmeýän petiklenmeleriň netijesinde otlulara Demirýollaryň resmi saýtyndan hem bilet almak adaty raýat üçin tas mümkin däl" diýip, lebaply ýaşaýjylaryň biri aýdýar.

Ýaşaýjylar şeýle ýagdaýlar babatynda çäre görmeýän resmiler bilen habarlaşmak üçin mümkinçiligiň ýokdugyny belleýärler.

"Iň bärkisi, şol Daşary işler ministrliginiň sosial torlarda resmi sahypasy hem ýok, bolmasa, şol ýerde adamlar iş ýüzünde ýurtda nähili 'ýapyklygyň we üzňeligiň' bardygyny görkezmäge taýýar" diýip, lebaply gürrüň berdi.

Maryly çeşmeleriň bellemegine görä, türkmen häkimiýetleriniň interneti berk petik astynda saklamagy ilaty daş-töweregindäki ýagdaýdan habarly bolmakdan mahrum edýär.

"Häzir daş töweregimizde uruşlar, harby çaknyşyklar, goňşy Owganystanda repressiw radikal islamçy talybanlar, yklym özgerip dur, tebigy we tehnogen betbagtçylyklar yzygiderli gaýtalanýar. Şeýle agyr we dartgynly ýagdaýda ilaty maglumat üzňeliginde saklap, ähli habarlardan we täzeliklerden üzňe galdyrmak ilata garşy jenaýat. Döwlet adamlara resmi habar bermese, derdine derman, kynçylygyny boýun alyp, kömek etmese, kim etmeli?" diýip, maryly lukman öz pikirini beýan etdi.

Türkmenistanyň öz habar serişdeleri berk döwlet gözegçiliginde saklanýar we ýurt barada diňe öwgüli maglumatlary berýär. Türkmen mediasynda dünýädäki uruşlar, syýasy özgerişlikler habar berilmeýär, ýurduň içindäki problemalar we hatda tebigy ýagdaýlar agzalmaýar.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan paýtagtly synçy, türkmen režiminiň ukrain TW-sindäki habary bahanalap, beren beýanatyny "emosional" we ýazgarmak üçin "anyk delilsiz" diýip atlandyrdy.

"Türkmen diplomatiýasy ukrain döwletini 'ýagşylygy bilmezlikde' aýyplady, emma Türkmenistanyň ýapyklygy we internet üzňeligi baradaky çykyşyny ret edere hiç hili argument ýa-da söz tapmady. Meniň pikirimçe, bolmaz hem, sebäbi türkmen diplomatlary näme diýsin? Ýurdumyzda internet açyk, ýöne hiç bir saýta VPN-siz girip bolmaýar, her welaýatda 1-2-den halkara aeroport bar, ýöne hiç bir goňşy ýurda uçar uçmaýar, banklaryň resmi saýtlary we mobil banking ulgamlary bar, ýöne ýurtda hiç hili internet arkaly bank tölegleri ýa erkin walýuta çalşygy ýok diýsinmi?" diýip, synçy belledi.

Şu aýyň başyndan bäri Türkmenistanyň ýapyklygy barada çykyşlaryň ýene biri Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Andreý Hripunow tarapyndan edildi. 3-nji iýulda Tatarstan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynda geçiren hepdelikde edilen bu çykyşa şol çärä gatnaşan Türkmenistanyň Kazandaky Baş konsuly Güýç Garaýew reaksiýa bildirdi. Türkmen diplomaty hususan-da, Türkmenistan "diňe erbet adamlar üçin" ýapyk diýdi.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG